Turkmenportal logo
09.12.22
2107521075
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistanyň kubogy ugrundaky bäsleşigiň final duşuşygy «Nusaý» stadionynda geçiriler

Futbol boýunça Türkmenistanyň Kubogy ugrundaky bäsleşigiň aýgytlaýjy duşuşygy Aşgabat şäheriniň “Nusaý” stadionynda geçiriler. Bu duşuşyk 11-nji dekabrda geçirilip, 14:00-da başlanar. Bu barada Türkmenistanyň Futbol federasiýasy habar berýär.


Bu gezekki Kubok ugrundaky bäsleşigiň finalynda “Ahal” hem-de “Şagadam” toparlary duşuşarlar.


Ýeri gelende bellesek, “Ahal” topary finala barýan ýolda “Merw” bilen “Altyn Asyr” toparlaryny, “Şagadam” bolsa “Energetik” hem-de “Aşgabat” toparlaryny ýeňmegi başardy.


Türkmenistanyň Kubogy ugrundaky bäsleşigiň final duşuşygy:
11.12.2022 ý. (ýekşenbe)
“Şagadam” – “Ahal”
Geçirilýän ýeri: “Nusaý” stadiony (Aşgabat ş.)
Başlanýan wagty: 14:00
Duşuşygyň emini: Resul Mämmedow (Aşgabat ş.)
Kömekçi eminler: Akmyrat Gurbanow (Aşgabat ş.), Babanazar Haknazarow (Aşgabat ş.)
Ätiýaçdaky emin: Jumamyrat Jumamyradow (Aşgabat ş.)
Gözegçi emin: Hudaýnazar Rejepow (Aşgabat ş.).