Turkmenportal logo
30.11.22
1961319613
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Stoluň üstünde oýnalýan tennis boýunça körpe türgenleriň gözden geçirilişi boldy

Türkmenistanyň Stoluň üstünde oýnalýan tennis federasiýasy tarapyndan 2011 ― 2016-njy ýyllar aralygynda doglan türgenleriň gözden geçiriliş ýaryşy boldy. Oňa geljekde erkekleriň we zenanlaryň arasynda geçiriljek halkara ýaryşlarda çykyş etmäge dalaşgär körpe tennisçileriň 62-si gatnaşdy.


Üç günläp dowam eden gözden geçirilişde oglanlaryň arasynda Nazym Durdyýew iň ýokary netijäni görkezdi. Ikinji orny Atahan Pygamow eýelän bolsa, Dörtguly Allanazarow ilkinji üçlüge girmegi başardy.


Gyzlaryň arasynda Elina Ahmedowa taý tapylmady. Iň gowularyň arasynda Täzegül Atakişiýewa bilen Annabibi Oraztuwakowa hem saýlandy.