Türkmenistanda ilatyň we ýaşaýyş jaý gorunyň uçdantutma ýazuwyna degişli 5 sany esasy sowal
2022-nji ýylyň 17 — 27-nji dekabry aralygynda Türkmenistanda ilatyň we ýaşaýyş jaý gorunyň uçdantutma ýazuwy geçiriler. «Turkmenportal» informasion portaly geçirilýän bu çäre bilen bagly 5 sany esasy sowaly okyjylaryň dykgatyna ýetirýär.
Ilat ýazuwy näme üçin gerek?
Ýazuwyň esasy maksady — ilat barada maglumatlary toplamak.
Bu döwlet ähmiýetli çäre ýurduň ilatynyň demografiki düzümi we durmuş-ykdysady ýagdaýy baradaky statistik maglumatlary ýygnamaga mümkinçilik berýär.
Geljekde bu maglumatlar döwletiň mundan beýläk hem özgermegi we gülläp ösmegi üçin berk binýady döreder. Ol şeýle-de adamlaryň mümkinçilikleriniň açylmagy üçin maýa goýmakda esasy ugurlary kesgitlemäge ýardam eder:
- saglygy goraýyş edaralarynyň gurluşygy;
- okuw mekdeplerini gurmak;
- ýaşaýyş jaýlaryny gurmak;
- ýol infrastrukturasyny gurmak;
- täze iş orunlaryny döretmek.
Ilat ýazuwynda nähili sowallar berlip bilner?
Ilat we ýaşaýyş jaý ýazuwynda ýazuwy geçirýänler öýme-öý aýlanarlar we 4 sany aýratyn elektron sahypa boýunça adamlar bilen söhbetdeşlik geçirip maglumat ýygnaýarlar.
1-nji ýazuw sahypasy «Ýaşaýyş jaýy üçin ulanylýan gurluşyk haty» binanyň görnüşi, gurluşygyň döwri, daşarky diwarlaryň we üçegiň materiallary we binadaky ýaşaýyş jaýlarynyň (kwartiralaryň) sany baradaky sowallary öz içine alýar;
Ilat ýazuwynyň 2-nji sahypasy «Ýaşaýyş jaýynyň häsiýetnamasy we ýaşaýşyň sanitariýa-arassaçylyk şertleri» ýaşaýyş jaýyna eýeçiligiň görnüşi, otaglaryň sany we olaryň meýdany, jemagat hojalygy hyzmatlarynyň elýeterliligi we internete girmek baradaky sowallary özünde jemleýär;
Ilat ýazuwynyň 3-nji sahypasy boýunça sowallar «Ilat ýazuwyna degişli bolan adamlaryň sanawy» öý hojalygynyň ýaşaýjylarynyň sany we olaryň öý eýesi bilen gatnaşygy baradaky maglumatlary öz içine alýar;
4-nji görnüşde bolsa jogap beriji, onuň ýaşy, milleti, jynsy, doglan ýeri, dillere erk edişi, raýatlygy, maşgala ýagdaýy, bilim derejesi, iş we girdeji çeşmeleri barada sowallar bar.
Türkmenistanda ilatyň we ýaşaýyş jaý gorunyň uçdantutma ýazuwyna gatnaşmak üçin nähili resminamalar gerek?
- Ilat ýazuwynda anketalar doldurylanda jogap berijiniň şahsyýetini we ýaşaýan ýerini tassyklaýan resminamalar talap edilmeýär;
- öý eýesi ähli maşgala agzalary baradaky sowallara jogap berip biler;
- ilatdan we ýaşaýyş jaý ýazuwyndan alnan maglumatlar goraglydyr. Alnan maglumatlar diňe şahsyýete degişli bolmadyk görnüşde ulanylar.
Ilat ýazuwyna kimler gatnaşýar we ol näçeräk wagt alýar?
- Türkmenistanyň raýatlary;
- Daşary ýurt raýatlary;
- raýatlygy bolmadyk adamlar;
- Sowallara jogap bermek siziň bary-ýogy 20-30 minut wagtyňyzy alar.
Hasaplaýjylary nähili tanamaly?
Ilat ýazuwy döwründe hasaplaýjylar şeýle mümkinçiliklerde bolar:
- ýörite şahadatnamaly;
- ilatyň we ýaşaýyş jaý gorunyň uçdantutma ýazuwynyň resmi nyşany bolan ýaşyl egin-eşikde geýnüwli;
- ilatyň we ýaşaýyş jaý gorunyň uçdantutma ýazuwynyň resmi nyşany bolan ýaşyl haltajykly.
Şeýle-de okaň:
Wideony görüp bilersiňiz: Türkmenistanda dekabr aýynda ilat we ýaşaýyş jaý gorunyň uçdantutma ýazuwy geçiriler
