Turkmenportal logo
27.11.22
2034320343
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Dünýäniň dürli künjeklerinden gelen sazandalar we aýdymçylar Türkmenistanda çykyş ederler

Daşary ýurtly myhmanlar 28-nji noýabrda açyljak «Milli aýdym-saz sungaty dünýä halklarynyň mirasynda» atly halkara festiwalyna we maslahatyna gatnaşmak Aşgabat şäherine geldiler.


Döredijilik duşuşygy özboluşly ýerine ýetirijileri — halk aýdymçylaryny we sazandalaryny, şeýle hem Azerbaýjandan, Türkiýeden, Tatarstandan (Russiýa), Gazagystandan, Täjigistandan, Gyrgyzystandan, Özbegistandan, Eýrandan geljek milli saz gurallary ansambllaryny bir ýere jemlär. Festiwala Türkmenistanyň milli aýdym-saz sungatynyň hem köp sanly wekilleri gatnaşýarlar.


Ilkinji konsert 28-nji noýabrda, Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgüniň sahnasynda, forumyň dabaraly açylyşdan soň bolar.


Ertesi gün, sagat 15:00-dan 17:00-a çenli Aşgabatda ýerleşýän «Türkmenistan» we «Watan» kinokonsert merkezlerinde myhmanlaryň çykyşlary guralar. Çykyşlar 18:00-da Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynyň sahnasynda dowam eder.


Şeýle hem halkara forumyň çäginde döredijilik duşuşyklary geçiriler, sazandalar Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň ýanyndaky ýörite sazçylyk mekdep-internatynyň okuwçylary üçin milli gurallary çalmak boýunça ussatlyk sapaklaryny bererler.


30-njy noýabrda, «Milli aýdym-saz sungaty dünýä halklarynyň mirasynda» atly halkara festiwalyň we maslahatyň resmi ýapylyş dabarasyndan soň, Türkmenistanyň sungat ussatlary Mukamlar köşgüniň sahnasynda aýdym-sazly maksatnama boýunça çykyş ederler.