Turkmenportal logo
21.11.22
4253842538
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
«Turkish Airlines» Stambul — Aşgabat — Stambul ugry boýunça iki sany ýörie uçuşyny guraýar

«Turkish Airlines» Stambul — Aşgabat — Stambul ugry boýunça iki sany çarter reýsini amala aşyrar. Bu barada «Atavatan-Turkmenistan» habar berýär.


«TK4912 reýs» 26-njy noýabrda sagat 11:30-da Stambuldan (IST) ugraýar we 17:15-de Aşgabat şäherine (ASB) gelýär. «TK4913 reýs» Aşgabatdan 18:45-de uçup, 22:55-de Stambul şäherine gonar.


«TK4912 reýs» 28-nji noýabrda 17:00-da Stambuldan asmana galyp, 22:45-de Aşgabat şäherine (ASB) gonar. «TK4913» gaýdyp gelýän uçuş 29-njy noýabrda 00:15-de Aşgabatdan ýola çykyp, 02:25-e gonar.


2022-nji ýylyň 2-nji noýabryndan başlap, türk howaýollary iki ýyllyk arakesmeden soň Türkmenistana yzygiderli gatnawlaryny gaýtadan dikeltdi. Stambuldan — Türkmenbaşy — Stambuldan ugry boýunça gatnawlar hepdede iki gezek — çarşenbe we penşenbe günleri amala aşyrylýar.


«Turkish Airlines»-iň häzirki uçuş tertibi awiakompaniýanyň web sahypasynda elýeterlidir.


1933-nji ýylda döredilen «Turkish Airlines» häzirki wagtda 129 ýurda 340 ugra uçýar.