Turkmenportal logo
19.11.22
2096520965
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Gurban Berdiýewiň «Soçide» işlemegi mümkin

Russiýanyň «Soçi» futbol topary türkmenistanly tälimçi Gurban Berdiýewi baş tälimçi wezipesine getirmek baradaky meselä çynlakaý seredýär. Bu barada «Бизнес Online» işewürlik neşiri insaýder Iwan Karpowyň maglumatlaryna esaslanyp habar berdi.


Gurban Berdiýewiň şu ýylyň iýun aýyndan bäri Eýranyň «Traktor» klubyna tälim berýändigini ýatladýarys.


Gurban Berdiýew «Rubin» bilen iki gezek Russiýanyň çempiony bolupdy. 2021 ― 2022-nji ýyllaryň möwsüminde bolsa ol Gazagystanyň «Kaýratyna» tälim berdi.


Häzir «Soçi» toparyna Aleksandr Toçilin tälim berýär. 17 utukda 25 utuk toplap bilen «Soçi» 9-njy basgançakda barýar.