Turkmenportal logo
17.11.22
1487614876
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Aşgabatda Bütindünýä çagalar güni mynasybetli kitap ýarmarkasy geçiriler

18-nji noýabrda Aşgabat şäherindäki «Bagtyýarlyk» söwda we dynç alyş merkeziniň 3-nji gatynda kitap ýarmarkasy geçiriler. Ýarmarka Bütindünýä çagalar gününi dabaraly bellemek maksady bilen guralýar diýlip, Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň resmi web sahypasynda habar berilýär.


Bu ýarmarkada çagalar üçin dürli kitaplary, oýunjaklary satyn almaga mümkinçilik dörediler, şeýle-de gurjak teatrynyň gahrymanlarynyň çykyşlary we sirk oýunlary görkeziler. Şeýle hem bu çäräniň çäklerinde «Bagtyýarlyk» söwda merkeziniň çagalar meýdançasynyň ähli çagalar üçin tölegsiz hyzmat etjekdigi aýdylýar.


Kitap ýarmarkasynda Mahabat müdirliginiň neşir önümleri, Türkmen Döwlet neşirýat gullugynyň çagalar üçin kitaplary, «Älem», «ReadIt», «Gujurly book store» kitap dükanlarynyň, şeýle hem «Kök desing» hususy kärhanasynyň hem-de «Belent Akaba» hojalyk jemgyýetiniň önümleri gatnaşyjylara hödürlener.


Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň, Bazar Amanow adyndaky çagalar kitaphanasynyň we ýurdumyzyň medeniýet, sport, syýahatçylyk we jemgyýetçilik guramalarynyň işgärleriniň kärdeşler arkalaşyklarynyň guramagynda, «Defakto» egin-eşik brendiniň hemaýatkärlik etmeginde geçirilýän kitap ýarmakasynyň sagat 15:00-da açylýandygy habar berilýär.