Turkmenportal logo
15.11.22
2387523875
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistanyň orta mekdepleriniň ýokary synp okuwçylarynyň arasynda bäsleşik yglan edildi

Türkmenistanyň Bilim ministriligi hem-de Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi tarapyndan Halkara Bitaraplyk gününiň 27 ýyllyk toýy mynasybetli ýurdumyzyň tebigy we takyk ugurlara ýöriteleşdirilen umumybilim berýän mekdepleriniň 9-11-nji synp okuwçylarynyň arasynda tebigy we takyk ugurlara degişli derslerden bäsleşik yglan edildi.


Bäsleşigiň şertllerine laýyklykda, oňa gatnaşýan mekdep okuwçylary tebigy we takyk ugurly dersler boýunça barlagnama almak (barlagnamanyň 50 %-i tebigy ugurly derslere degişli we 50 %-i takyk ugurly derslere degişli bolmaly) arkaly bäsleşerler.
Bäsleşik aşakdaky tertipde üç tapgyrda geçirilýär:


  • birinji tapgyr 2022-nji ýylyň 19-njy noýabrynda etrap (şäher) derejesinde geçirilýär we bu tapgyra etraplaryň (şäherlerin) çägindäki umumybilim berýän mekdepleriň 9-11-nji synplarynda okaýan tapawutlanan okuwçylar gatnaşdyrylýar, bu tapgyryň eminler topary tarapyndan has tapawutlanan okuwçylaryň üç sanysy saýlanylyp alynýar we bäsleşigiň welaýat we Aşgabat şäher tapgyryna hödürlenilýär;
  • ikinji tapgyr 2022-nji ýylyň 26-njy noýabrynda welaýat we Aşgabat şäher derejesinde geçirilýär, tapgyra bäsleşigiň birinji tapgyrynyň eminler topary tarapyndan hödürlenen okuwçylar gatnaşdyrylýar, bu tapgyryň eminler topary tarapyndan has tapawutlanan okuwçylaryň bir sanysy saýlanylyp alynýar we bäsleşigiň jemleýji döwlet tapgyryna hödürlenilýär;
  • üçünji jemleýji tapgyr 2022-nji ýylyň 3-nji dekabrynda Aşgabat şäherinde geçirilýär, bu tapgyra bäsleşigiň ikinji tapgyrynyň eminler topary tarapyndan hödürlenen okuwçylar gatnaşdyrylýar.

Bäsleşigiň jemleýji tapgyryna hödürlenýän okuwçylary bahalandyrmak we ýeňijileri kesgitlemek üçin Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň wekillerinden, iňlis dili boýunça tejribeli pedagogik işgärlerden ybarat eminler topary döredilýär. Bäsleşigiň jemleýji döwlet tapgyrynda 1 sany 1-nji, 2 sany 2-nji, 3 sany 3-nji baýrakly orunlara mynasyp bolan okuwçylar kesgitlenilýär.


Bäsleşigiň ýeňijilerine Türkmenistanyň Bilim ministrligi hem-de Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi tarapyndan diplomlar hem-de sowgatlar gowşurylar.


Bäsleşik barada has giňişleýin maglumat almak üçin şu telefon belgilere jaň edip bilersiňiz:


Türkmenistanyň Bilim ministrligi: 44-86-80;


Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi: 44-88-79, 44-88-85.