Öňdäki gyşda Ýewropa çakdanaşa maýyl howa bilen ýüzbe-ýüz bolup biler diýip, «Bloomberg» neşiri «Copernicus» howa gullugynyň barlaglaryna salgylanyp habar berdi
Hünärmenler öňdäki gyşda Baltika, Ortaýer we Demirgazyk deňizleriň kenarýakalarynda ortaça derejeden ýokary bolan maýyl howa garaşýarlar. Ýyly gyş aýlaryna Beýik Britaniýada, Merkezi we Günorta Ýewropada garaşyp bolar, Fransiýada hem-de Germaniýada bolsa ygalyň az düşmegi mümkin diýlip, habarda aýdylýar. Bu barada «MIR 24» ýazýar.