Turkmenportal logo
11.11.22
1916319163
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
«ITEA» programmirlemegiň esaslaryny öwrenmek boýunça okuwlar barada habar berýär

«ITEA» halkara IT-akademiýasy «Iş nokady» kompaniýasy bilen bilelikde ähli isleg bildirýänleri başlangyç dereje üçin programmirleme we grafika dizaýny okuwlary boýunça häzirki döwürde uly isleg bildirilýän IT-hünärmeni hünärini ele almaga çagyrýar. Okuwlar «noldan» başlanýar, talap edilýän ukyplar – kompýuterden baş çykarmak we iňlis dilini bilmek.


Isleg bildirýänler üç topara saýlanylýar – «Grafika dizaýnynyň esaslary», «Programmirlemegiň esaslary», «HTML/CSS».


Grafika dizaýny boýunça okuwlarda «Photoshop» we «Illustrator» ýaly programmalar öwrenilýär. Sapaklar 14-nji noýabrda başlanýar, duşenbe we çarşenbe günleri sagat 18:30-dan 21:30-a çenli dowam edýär.


«FrontEnd» işläp düzmesini özleşdirmek isleýänlere, ýagny web-sahypanyň görünýän bölegini döretmäge isleg bildirýänlere «HTML/CSS» öwrenmek boýunça topar gabat gelýär. Okuw 1-nji dekabrda başlanýar, sapaklar duşenbe we penşenbe günleri sagat 18:30-dan 21:30-a çenli dowam edýär.


«Programmirlemegiň esaslary» toparynda «BackEnd» – web-sahypanyň adaty ulanyja görünmeýän we wezipelerine jogap berýän bölegi öwredilýär. Gündizki toparyň sapaklary 23-nji noýabrda başlanýar, çarşenbe we şenbe günleri sagat 15:30-dan 18:30-a çenli dowam edýär. Agşamky rus dilindäki toparyň okuwlary 2-nji dekabrda başlanýar, sapaklar duşenbe we anna günleri sagat 18:30-dan 21:30-a çenli dowam edýär. Agşamky türkmen dilindäki toparyň sapaklary 28-nji noýabrda başlanýar, duşenbe we şenbe günleri sagat 18:30-dan 21:30-a çenli dowam edýär.


Arzalar şu telefon belgileri boýunça kabul edilýär: (+993 63) 42 67 51 ýa-da (+993 63) 47 11 92.


Salgysy: Aşgabat, Atamyrat Nyýazow şaýoly (Çehow), Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň binasy, 8-nji gat.