Turkmenportal logo
17.10.22
2350423504
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Aziýanyň kubogy ― 2023 Katarda geçiriler
Aziýanyň kubogy ― 2023 Katarda geçiriler

Katar şu ýyl geçiriljek dünýä çempionatyndan soň indiki ýylda futbol boýunça Aziýanyň kubogyny hem kabul eder. Bu barada AFK-nyň metbugat gullugy habar berdi.


Yklym ýaryşyny geçirmek üçin Indoneziýanyň we Koreýa Respublikasynyň futbol assosiasiýalary hem ýüz tutupdylar.


Aziýanyň kubogy ozalky meýilnama görä, 2023-nji ýylyň 16-njy iýuny ― 16-njy iýuly aralygynda Hytaýda geçirilmelidi. Ýöne Hytaý tarapy ýaryşy kabul etmekden ýüz öwürdi.