Turkmenportal logo
07.10.22
5025750257
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Domodedowo howa menzili oktýabr aýynda Türkmenistana uçuşlaryň tertibini çap etdi

Domodedowo halkara howa menzili resmi web sahypasynda «S7 Airlines» awiakompaniýasynyň Türkmenistana uçuşlarynyň tertibini çap etdi. Oňa laýyklykda, uçuşlar 2022-nji ýylyň 17-nji oktýabrynda başlar.


Awiakompaniýanyň uçarlary Moskwa-Türkmenbaşy howa ýoly boýunça duşenbe günleri 1-nji terminaldan uçar. S7 3237 gatnawy Moskwadan ýerli wagt bilen sagat 3:30-da uçar. Uçuş 3 sagat 35 minut dowam eder.


Türkmenbaşydan bolsa S7 3238 gatnawy Aşgabat wagty bilen sagat 10:05-de uçup, Moskwa wagty bilen sagat 11:35-de gonar. Uçuş 3 sagat 30 minut dowam eder.


Uçuşlar Airbus A320-200 uçarynda amala aşyrylar.


Şu gün Russiýanyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň «S7 Airlines»-iň uçuşlarynyň gaýtadan dikeldilýändigini, Moskwadan Türkmenbaşy şäherine uçuşlarynyň täzeden ýola goýulýandygy barada mälim edendigini habar beripdik.