Turkmenportal logo
28.09.22
3013830138
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistan ýeňil atletika boýunça Merkezi Aziýanyň IV açyk çempionatynda toparlaýyn hasapda ikinji orny eýeledi

Türkmenistanly türgenler Özbegistanyň Samarkant şäherinde geçirilen ýeňil atletika boýunça Merkezi Aziýanyň IV açyk çempionatynda toparlaýyn hasapda ikinji orny eýeledi. Bu barada Özbegistanyň «Halk suzi» gazeti habar berdi.


Türkmen ýygyndysy sebitleýin ýaryşy 3 altyn, 5 kümüş we 3 bürünç medal bilen tamamlady.


Toparlaýyn hasapda birinji orna Özbegistanyň (25 altyn, 27 kümüş we 27 bürünç medal) ýygyndysy mynasyp boldy. Ýaryşy 3 altyn, 3 kümüş we bir bürünç medal bilen tamamlan Gazagystanyň ýygyndysy üçünji orny eýeledi.


Sebitleýin ýaryşda ýeňil atletikanyň 41 ugry boýunça medallaryň 56 toplumy üçin göreş alnyp baryldy.