Turkmenportal logo
22.09.22
2460424604
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistanyň futzal ýygyndysynyň Aziýanyň kubogynda haýsy ýygyndy bilen haçan duşuşjakdygy belli boldy

Türkmenistanyň futzal boýunça milli ýygyndysy 23-nji sentýabrda Aziýanyň kubogynyň geçirilýän ýeri bolan Kuweýte döwletine ugur alar.


Ýygyndy 27-nji sentýabr bilen 8-nji oktýabr aralygynda Kuweýtde geçiriljek Aziýa Kubogy ― 2022-niň final tapgyrynda «B» toparçada çykyş eder.


27-nji sentýabrda geçiriljek duşuşykda türkmen ýygyndysy Özbegistanyň milli ýygyndysy bilen duşuşar. 29-njy sentýabrda Bahreýniň ýygyndy topary bilen duşuşjak milli ýygyndymyz, 1-nji oktýabrda Täjigistanyň ýygyndy toparynyň garşysyna meýdança çykar.


Türkmenistanly futzalçylaryň şu günler Azerbaýjanda türgenleşýändigini ýatladýarys.