Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Türkmenistanyň elektroenergetika kuwwaty» atly täze kitaby ýurduň Garaşsyzlyk baýramynyň öňüsyrasynda türkmen, iňlis we rus dillerinde çap edildi. «Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, täze kitaba Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň şu ýylyň 3-nji sentýabrynda Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň talyplary we mugallymlary bilen geçiren duşuşygynda sözlän sözi girizildi. Halk Maslahatynyň Başlygy şol çykyşynda energetika pudagynyň mümkinçilikleri, taryhy, kemala gelşi, ösüşi hem-de geljegi barada giňişleýin maglumat berdi.
Türkmen döwlet neşirýat gullugy tarapyndan ýokary çap usulynda neşir edilen täze kitapda Türkmenistanyň elektroenergetika strategiýasyna, bu ulgamda durmuşa geçirilýän milli maksatnamalaryň hem-de iri taslamalaryň we olaryň ýurduň ykdysady kuwwatynyň pugtalandyrylmagyna ýetirýän oňyn täsiriniň netijelerine seljerme syny berilýär. Pudagy döwrebaplaşdyrmak, döwlet syýasatynyň maksatlary hem-de wezipeleri bilen ýakyn baglanyşykda ykdysadyýetiň bu pudagynyň köpugurly döwrebap düzümini döretmek boýunça geçirilýän yzygiderli çäreler anyk mysallarda beýan edilýär.
Dürli fotosuratlar bilen bezelen neşirde Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň energetika pudagynyň ösdürilmegini ýurduň ykdysady strategiýasynyň möhüm ugurlarynyň biri hökmünde kesgitländigi nygtalýar. Köp sanly anyk we statistika maglumatlary getirilýär. Ýurduň umumy elektroenergetika düzüminde welaýatlaryň ösüşiniň möhümdigi bellenilýär, pudagyň okgunly ösüşine hem-de düzümleýin özgertmelerine häsiýetnama berilýär.
Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň täze kitaby giň okyjylar köpçüligi, şol sanda alym-energetikler, syýasatşynaslar, ykdysatçy-alymlar, mugallymlar we talyplar üçin niýetlenendir.
