Lebap welaýatynyň tutýan meýdany 93,73 müň inedördül kilometre deň bolup, Türkmenistanyň umumy meýdanynyň 19,1 göterimine barabardyr. Bu görkeziji boýunça welaýat ýurtda üçünji orny eýeleýär.
Lebap welaýatynyň çäginde 10 sany etrap, 15 sany şäher, 24 sany şäherçe, 105 sany geňeşlik we 429 sany oba bar.
Welaýatyň ilatynyň 45 göterimi şäher, 55 göterimi oba ýerlerinde ýaşaýar. Bu barada «Türkmenistan» gazetiniň şu günki sanynda çap edilen makalada bellenilýär.