Turkmenportal logo
10.09.22
4291742917
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistanly ýetginjek karate boýunça dünýä çempionatynda dört altyn medal gazandy

Türkmenistanly ýaş karateçi Öwezmyrat Sapadurdyýew çehiýanyň Pardubise şäherinde geçirilýän şotokan karate boýunça 12-nji dünýä çempionatynda altyn medallaryň dördüsini gazandy ― diýip, «Türkmenistan: Altyn asyr» neşiri ýazýar.


31 döwletden türgenleriň 733-sini ýygnan dünýä çempionatynda karateniň kata we kumite görnüşleri boýunça dürli agram derejelerinde medallaryň 246 toplumy ugrunda göreş alnyp barylýar.


Dünýä çempionatynyň ilkinji gününde Gökdepe etrabynyň daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen 1-nji orta mekdebiniň 5-nji synp okuwçysy Öwezmyrat Sapadurdyýew 10-11 ýaşly çagalaryň arasynda altyn medallaryň dördüsine mynasyp boldy.


Öwezmyrat her bir tutluşyk üçin 2 minut çemesi wagt sarp etdi. Tutluşyklarda gazanylan utuklar bolsa dürli-dürlüdir. Ol altyn medallary şobu ippon kumite (tutluşyk türgenleriň biri 2 utuk gazanýança dowam edýär), şobu sanbon kumite (tutluşyk 6 utuga çenli dowam edýär), WKF kumite (tutluşyk 8 utuga çenli dowam edýär) we şobu ippon kumiteniň aňrybaş agram derejesindäki tutluşygynda (tutluşyk 2 utuga çenli dowam edýär) gazandy.


Öwezmyrat Sapadurdyýew ýakynda Germaniýanyň Berlin şäherinde geçirilen Banzai Cup-2022 halkara ýaryşynda hem kata görnüşi boýunça 12 ýaşa çenli ýetginjekleriň arasynda altyn medal gazanyp bilipdi.


Öwemyradyň tälimçisi öz kakasy, gara guşagyň 3-nji danynyň eýesi Sapadurdy Setdarowdyr. Ol Türkmenistanyň milli ýygyndysyna hem tälim berýär.