Turkmenportal logo
25.08.22
2474924749
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Ilkinji «iPhone» 35 müň dollara satyldy
Ilkinji «iPhone» 35 müň dollara satyldySurat: mir24.tv

Ilkinji asyl nusgadaky «iPhone» smartfony «RR Auction» onlaýn-söwdalaşykda näbelli müşderi tarapyndan 35 müň amerikan dollaryna satyn alyndy. Gaby bilen bilelikde satylan smartfonyň ýady 8 gb-a deňdir diýip, «ZDNet» saýty ýazýar diýip, «MIR24» habar berdi.


12 belgili smartfonyň satyn alnan gününden bäri ýeke gezegem açylmandygy aýdylýar, ol 2007-nji ýylda 599 dollara satyn alnypdyr.


Satuwlar «Apple, Jobs we kompýuter enjamlary» auksionynyň çäginde geçirildi. Onda 70 töweregi enjam satyldy, olaryň hatarynda adybir kompaniýany esaslandyryjylaryň biri Stiw Woznýak tarapyndan döredilen «Apple-1» kompýuteriniň çap platasy, şeýle-de ilkinji nesildäki «iPod» pleýeri bar, pleýer 25 müň dollara satyldy.