Turkmenportal logo
23.08.22
2765527655
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
«Ak Ulag» kärhanasy türkmen eksport hem-de import edijilerine maslahat beriş hyzmatlaryny ýetirýär
«Ak Ulag» kärhanasy türkmen eksport hem-de import edijilerine maslahat beriş hyzmatlaryny ýetirýär

«Ak Ulag» ulag-logistika kärhanasy müşderilere ulaglaryň ähli görnüşlerinde içerki we halkara ýük daşamalary boýunça maslahat beriş hyzmatlaryny hödürleýär.


Kärhana Türkmenistanyň çägi boýunça, şeýle-de GDA ýurtlaryna, Ýewropa, Ýakyn Gündogara we Aziýa ýurtlaryna awtoulag, howa, demir ýol hem-de deňiz ulaglary bilen ýükleri daşamagy üpjün edýär.


«Ak Ulag» kärhanasynyň tejribeli hünärmenleri ýükleriň gatnaw ugruny jikme-jik işläp düzmek bilen, öz müşderilerine ýüze çykyp biljek islendik töwekgelçilikler, şunuň birlikde, gatnawyň takmynan tölegi hem-de gerekli bolan degişli resminamalar barada maslahatlary berýärler.


Kärhana Türkmenistanda degişli pudakdaky 8 ýyllyk iş tejribesinde dünýäniň 40 töweregi ýurdundan 56 sany hyzmatdaş taraplar gatnaşyklary ýola goýdy.


Habarlaşmak üçin telefon belgileri: (+993 12) 75 43 44, (+993 61) 81 49 96.



Şeýle-de okaň: