Turkmenportal logo
17.08.22
31933193
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
ÝÇL-iň saýlamasynyň pleý-off tapgyrynda deslapky duşuşyklar geçirildi

Düýn agşam ÝÇL-iň toparçalaýyn tapgyryna çykmak üçin pleý-off oýunlarynyň deslapky duşuşyklaryň üçüsi oýnaldy. Şotlandiýada Niderlandlaryň çempiony «PSW-ni» kabul eden «Reýnjers» 2-2 hasabynda deň oýnady.


Norwegiýada ýerli «Bude-Glimt» Horwatiýanyň Zagreb şäheriniň «Dinamosyny» 1-0 hasabynda ýeňlişe sezewar etdi. Şeýle-de Daniýada «Kopengageniň» myhmany bolan Türkiýäniň çempiony «Trabzonspor» 2-1 hasabynda garşydaşyndan asgyn geldi.


Pleý-off jübütlikleriniň arasyndaky deslapky oýunlaryň beýleki üçüsi şu gün agşam geçiriler. Jogap oýunlary 23-24-nji awgust günlerinde oýnalar.


Maglumat üçin, ÝÇL-iň saýlamasynyň pleý-off tapgyrynda ýeňe toparlar ÝÇL-iň toparçalaýyn tapgyryna, ýeňlenler bolsa Ýewropa ligasynyň toparçalaýyn tapgyryna gatnaşarlar.


ÝÇL. Pleý-off tapgyry. Deslapky duşuşyklar:


«Reýnjers» Şotlandiýa — «PSW» Niderlandlar 2:2


Gollar: Sangare (37), Lourens (70) — Çolak (40), Obispo (78);


«Bude-Glimt» Norwegiýa — «Dinamo» Zagreb, Horwatiýa 1:0


Gollar: Pellegrino (37);


«Kopengagen» Daniýa — «Trabzonspor» Türkiýe 2:1


Gollar: Klasson (9), Lerager 48 — Bakasetas (79).


Bu günki geçiriljek duşuşyklar:


  • «Karabag» Azerbaýjan — «Wiktoriýa Plzen» Çehiýa;
  • «Dinamo» Kiýew, Ukraina — «Benfika» Portugaliýa;
  • «Makkabi» Haýfa, Ysraýyl — «Srwena Zwezda» Serbiýa.