Turkmenportal logo
17.08.22
21042104
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Gruziýanyň jahankeşdelik pudagy girdejisini artdyrdy

Gruziýanyň jahankeşdelik pudagynyň girdejileri geçen iýul aýynda pandemiýadan öňki 2019-njy ýyldaky rekord görkezijilerden 20 göterim artdy we 476 million amerikan dollaryna deň boldy. Bu barada ýurduň Premýer-ministri Irakliý Garibaşwili beýanat berdi diýip, «MIR 24» ýazýar.


Premýer-ministriň sözlerine görä, pudagyň girdejileri şu ýylyň ýedi aýynda ilkinji gezek 1,6 milliard dollardan agdy. 2019-njy ýylda ol 12 aýda 2,9 milliard dollara barabar bolupdy.


«Bu biziň üçin örän begendiriji görkezijilerdir. Ol has köp iş orunlaryny we garyplygyň kemelmegini aňladýar» diýip, Garibaşwili nygtady.


Şunlukda 2022-nji ýylyň iýulynda Gruziýa sapara gelenleriň sany 922 müň 200 adama ýetdi, olaryň 749 müň 300-si (81 göterimden gowrak) ýurda dynç almaga gelen jahankeşdelerdir.


Mart-maý aýlary aralygynda ýurda Russiýadan 175400, Türkiýeden 158300, Ermenistandan 136800 adam geldi.