Turkmenportal logo
15.08.22
95139513
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Ýeriň ilaty 8 milliarda ýetdi
Surat: marvelcinematicuniverse.fandom.com

Zeminiň ilatynyň sany resmi taýdan 8 milliard adam diýlip hasaba alyndy we ol artmagyny dowam edýär. Şeýle maglumaty 14-nji awgustda «Countrymetrics.info» portaly getirdi, onda planetanyň ýaşaýjylarynyň sanynyň wirtual hasaplaýjysy real wagt düzgüninde görkezilýär.


Hasaplaýja seredip, Ýeriň ilatynyň erkekler böleginiň 4 milliarddan biraz geçýändigini görmek bolýar. Zenanlar bölegi 3,9 milliardda saklanýar.


Habarda şeýle-de üstümizdäki ýylda Zeminiň ýaşaýjylarynyň has köp ölümine sebäp bolýan sebäpler getirilýär, olar ýüregiň işemiýa keseli (5,9 mln adam), insult (4,2 mln) we aşaky dem alyş ýollarynyň ýiti ýokançlary (2,1 mln) bolup durýar. Bu barada «Izwestiýa» ýazýar.