Turkmenportal logo
06.08.22
43664366
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
TÝL ― 2022: Mary derbisi «Merwiň» ýeňşi bilen tamamlandy

«Merw» Türkmenistanyň futbol çempionatynyň 2-nji tapgyrynyň çägindäki Mary derbisinde «Energetikden» üstün çykdy.


Mary şäherindäki «Energetik» stadionynda geçirilen duşuşyk «Merwiň» 2:1 hasabyndaky ýeňşi bilen tamamlandy. Ýer eýeleri 29-njy minutda Musa Nurnazarowyň geçiren pökgüsi bilen öňe saýlanan hem bolsalar, myhmanlaryň futbolçysy Alibek Abdyrahmanow ikinji ýarymdaky iki goly bilen (66 we 80-nji minutlarda) «Merwe» ýeňiş getirdi.


Dartgynly oýundaky gödek hereketler goşmaça wagtyň 2-nji minudynda «Energetikden» Serdar Annamämmedowyň, «Merwden» bolsa Ýagşysähet Döwletgeldiýewiň oýundan çykarylmagyna sebäp boldy.


Iki duşuşykda 6 utuk toplan «Merw» ýaryş tertibinden ikinji orunda barýar. Topar 3-nji tapgyrda «Aşgabady» kabul eder. Şol gün ― 12-nji awgustda «Energetik» myhmançylykda «Ahal» bilen duşuşar.