Turkmenportal logo
04.08.22
1370013700
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistanyň we Azerbaýjanyň futzal ýygyndylary ýoldaşlyk duşuşyklarynyň ikisini geçirerler

Türkmenistanyň futzal boýunça milli ýygyndysy Baku şäherinde Azerbaýjanyň ýygyndysy bilen ýoldaşlyk duşuşyklarynyň ikisini geçirer.


«Azerisportuň» ýazmagyna görä, birinji duşuşyk 17-nji, ikinjisi 19-njy awgustda bolar.


Dünýä reýtinginde Azerbaýjanyň ýygyndysynyň 13-nji, türkmen futzalçylarynyň bolsa 64-nji orny eýeleýändigini ýatladýarys.


Bu ýoldaşlyk duşuşyklary Türkmenistanyň ýygyndysy üçin Aziýanyň kubogyna taýýarlygyň möhüm tapgyryna öwrüler. Yklym ýaryşy 27-nji sentýabr ― 8-nji oktýabr aralygynda Kuweýtde geçiriler.