Turkmenportal logo
04.08.22
98739873
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Aşgabatda thekwondo boýunça ýaryş geçirildi

Aşgabadyň Olimpiýa şäheriçesinde thekwondo boýunça Koreýa Respublikasynyň ilçisiniň kubogy ugrunda ýaryş geçirildi. Bu barada «Mir» HTRK habar berýär.


Ýaryş Türkmenistanyň thekwondo federasiýasy we degişli ilçihana tarapyndan guraldy. Oňa ýurduň dürli künjeklerinden güýçli türgenleriň 130-da gowragy gatnaşdy.


Koreýa Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Şin Sung-çul hem myhman boldy. Koreý diplomat öz çykyşynda Türkmenistana thekwondo boýunça täze, has tejribeli tälimçileriň çagyryljakdygyny habar berdi.