Turkmenportal logo
25.07.22
1063010630
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistanyň woleýbol ýygyndysynyň Merkezi Aziýanyň Çagyryş Kubogynyň ýarym finalyndaky garşydaşy belli boldy

Şu gün geçirilen Gyrgyzystan-Gazagystan duşuşygy bilen Bişkekde (Gyrgyzystan) dowam edýän woleýbol boýunça erkekler ýygyndylarynyň arasyndaky Merkezi Aziýanyň Çagyryş Kubogynyň toparçalaýyn tapgyry tamamlandy.


Tapgyryň ahyrky oýnunda Gyrgyzystanyň ýygyndysy Gazagystany 3-1 hasabynda ýeňlişe sezewar edip, ikinji orun bilen ýarym final ýollanmasyna eýe çykdy. Bu barada Prosports habar berýär.


Şunlukda ýarym final tapgyrynda Gyrgyzystan ýene-de Gazagystan bilen garşylaşar. Ikinji ýarym final oýnunda bolsa, Türkmenistanyň we Özbegistanyň ýygyndylary güýç synanyşarlar.


Ýeri gelende bellesek, Türkmenistan toparçada hiç bir oýunda utulmazdan 7 utuk toplap, birinji ýer bilen ýarym finala çykmagy başardy.


Ýaryşyň ýarym final oýunlary 26-njy iýulda, üçünji orun üçin we final duşuşyklary bolsa 27-nji iýulda geçiriler.