Turkmenportal logo
24.07.2022
44054405
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
«Türkmenistan: Sport» «Formula-1»-iň Fransiýa Gran-prisini göni ýaýlymda alyp görkezer

«Türkmenistan: Sport» teleýaýlymy 73-nji gezek geçirilýän «Formula-1» çempionatynyň 12-nji tapgyry bolan Fransiýa Gran-prisini göni ýaýlymda alyp görkezer.


Ýaryş şu gün sagat 18:00-da başlanar diýip, Turkmen TV habar berýär.


Fransiýa Gran-Prisi «Formula-1»-iň esasy tapgyrlarynyň biridir. Ol çempionatyň düzümine 1950-nji ýyldan 2008-nji ýyla çenli aralykda goşuldy. 10 ýyllyk arakesmeden soň 2018-nji ýyla tapgyra ýaryşa täzeden goşuldy.