Turkmenportal logo
10.07.22
78057805
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Aşgabadyň «Halk market» dükanlar torunda 6% çenli sylag almak mümkin

Türkmenistanyň «Rysgal» paýdarlar täjirçilik bankynyň «Master Card Maestro» bank kartlaryny ulanyjylar «Şowly söwda» aksiýasynyň çäklerinde «Halk market» dükanlar torunda söwda edip, şu ýylyň ahyryna çenli 6% çenli sylag alyp bilerler.


«Halk market» «Rysgal» banky bilen hyzmatdaşlykda «Ygrarlylyk maksatnamasyna» gatnaşýar, bank kartlarynyň eýeleri bolsa edilen söwda üçin «Halk marketdan» 3% we bankdan 3% sylag alarlar .



Sylag ulanyjynyň hasabyna her aýyň aýagynda awtomatiki usulda geçirilýär.


Ozal «Rysgal» PTB-niň «Master Card Maestro» bank kartlaryny ulanyjylar 6% çenli sylag almak mümkinçiligini hödürleýändigini habar beripdik.


Şeýle-de okaň: