Turkmenportal logo
08.07.22
1002610026
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Täze Prezident Maksatnamasy we Oba milli maksatnamasy kabul edildi

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň şu gün geçirilen, 2022-nji ýylyň birinji ýarymynda amala aşyrylan işleriň netijelerine we öňde durýan wezipelere bagyşlanan giňişleýin mejlisinde döwlet Baştutany Serdar Berdimuhamedowyň gol çeken degişli Kararlary bilen tassyklanyp, «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasy» hem-de «Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini özgertmek boýunça 2028-nji ýyla çenli döwür üçin Milli maksatnamasy» kabul edildi. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berilýär.


Täze maksatnamalarda Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň ýedi ýyllyk möhlet üçin ykdysady strategiýasynyň ileri tutulýan möhüm ugurlary kesgitlenilýär.