Turkmenportal logo
08.07.22
1482614826
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutyna täze ýolbaşçy bellendi

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň şu ýylyň birinji ýarymynda amala aşyrylan işleriň netijelerine we öňde durýan wezipelere bagyşlanan giňişleýin mejlisini geçirdi. Mejlisiň barşynda ýolbaşçylary wezipä bellemek we wezipeden boşatmak bilen bagly guramaçylyk meselelerine hem seredildi. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berilýär.


Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany bilen, Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň rektory Hojamyrat Geldimyradow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň ykdysady, bank we halkara maliýe guramalary meseleleri boýunça orunbasary wezipesine bellenildi.


Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany bilen, Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň rektory wezipesine Aknabat Atabaýewa bellenilip, ol Mary welaýatynyň häkiminiň bilim, medeniýet, saglygy goraýyş we sport boýunça orunbasary wezipesinden boşadyldy.