Turkmenportal logo
11.06.22
3094730947
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistanyň Prezidenti örtükleri dakynmagyň zerur we zerur däl ýerlerini düşündirmegi tabşyrdy

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň mejlisini geçirdi. Onuň dowamynda wise-premýer S.Toýlyýew gözegçilik edýän ulgamlarynda alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.


«Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, döwlet Baştutany hasabaty diňläp, wise-premýere ýüzlenip, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň üsti arkaly ilatyň arasynda agyz-burun örtükleriniň ulanylýan we olaryň zerur däl ýerlerini düşündirmek boýunça wagyz-nesihat işlerini geçirmegi tabşyrdy.


«Turkmenportalda» ozal habar berşimiz ýaly, şu ýylyň 1-nji iýunyndan başlap, Türkmenistanda açyk howada agyz-burun örtüklerini dakynmak düzgüni aradan aýryldy. Örtükleri diňe ýapyk binalarda we awtoulaglarda dakynmak maslahat berilýär.