Turkmenportal logo
22.03.15
57365736
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
AFK-nyň Kubogyna ilkinji gezek gatnaşýan topar ýokary liga täze goşulan kluby kynlyk bilen ýeňdi

Şu gün “Aşgabat” stadionynda geçirilen “Ahal” — “Hazyna” duşuşygy bilen Türkmenistanyň futbol çempionatynyň ýokary ligasynda 3-nji tapgyr tamamlandy.


Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň topary ýurdumyzyň öňdebaryjy toparlaryna garşy duşuşyga ynamly başlady we eýýäm 2-nji minutda hasaby açdy. “Altyn asyryň” düzüminde geçen ýyl Türkmenistanyň çempiony bolan Didar Durdyýew bilen Guwanç Abylowyň özara düşünişmekleri netijesindäki hüjüm olaryň soňkusynyň pökgini derwezä gönükdirmegi bilen jemlendi. Aradan 8 minut geçensoň Rahmet Şermetow hasaby deňledi — 1:1.


28-nji minutda ýene-de Durdyýew Abylow başlangyjy tapawutlandy. Netijede Guwanç şu duşuşygyndaky ikinji pökgüsini geçirdi we “Hazynany” öňe çykardy — 2:1.


Ikinji ýarymda “Ahal” näçe jan etse-de, hasaby deňlemek 83-nji minutda başartdy. Iň netijeli hüjümçileriň bäsdeşliginde öňde barýan Altymyrat Annadyrdyýew tapawutlandy. Aradan 3 minut geçip-geçmänkä “Ahalyň” düzüminde ikinji ýarymda oýna giren ýaş oýunçy Mihail Titow Türkmenistanyň çempionatyndaky ilkinji pökgüsini geçirdi we “Türkmennebitönümleri” Baş müdürliginiň “Ahalyna” ýeňil düşmedik ýeňiş getirdi — 3:2.


Bu tapgyrdan soň, “Ahal” çempionatda utuk ýitirmedik ýeke-täk topar bolmagynda galýar. Ahallylaryň iki oýundan soň 6 utugy bar HTTU bilen “Balkan” hem şonça utuk toplady. Ýöne olaryň bir oýny artykdyr. Ýaryş tablisasynda 7 utukly öňde barýan “Şagadam” bilen “Merw” hem häzire çenli 3 duşuşyk geçirdi.


4-nji tapgyr 3-nji aprelde başlanar. Şol gün “Hazyna” — “Aşgabat”, “Ahal” — “Şagadam” duşuşar.


Maglumat toplamagy halaýanlara duşuşygyň sanlaryny we delillerini hödürleýäris.


“Ahal” — “Hazyna” — 3:2 (1:2)


22-nji mart. Aşgabat. “Aşgabat” stadiony. 250 tomaşaçy.


Pökgüleri geçirenler: Rahmet Şermetow 10, Altymyrat Annadurdyýew 83, Mihail Titow 86, Guwanç Abylow 2, 28.


Duýduryş alanlar: Begli Meredow 31, Annasähet Annasähedow 63, Ylýas Saparmämmedow 75.


Emin: Maksat Seýitgulyýew.


Oýunuň inspektory: Konstantin Grigorýanes.