Turkmenportal logo
30.05.22
2918729187
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Dubaýyň halkara howa menziliniň resmi saýty Türkmenistana guraljak uçuşlaryň rejenamasyny paýlaşdy

Dubaýyň halkara howa menzili özüniň resmi saýtynda Türkmenistana amala aşyryljak uçuşlaryň rejenamasyny paýlaşdy. Yzygiderli uçuşyň ilkinjisi 30-njy maýda amala aşyrylar.


Dubaý ― Türkmenabat aralygy boýunça uçuşy «Türkmenistan» awiakompaniýasynyň uçary T2 terminalyndan amala aşyrar. T5 818 belgili gatnaw bilen uçar Dubaý şäherinde ýerli wagt bilen 15:20-de göge göteriler.


Aşgabat şäherinden bolsa Dubaýa uçuşlar gündiz 12:20-de bolar.


Birleşen Arap Emirlikleriniň çägindäki ýolagçylar +971502800508 ýa-da +971525777762 belgili telefonlar hem-de ticket.mida@gmail.com elektron salgysy arkaly habarlaşyp bilerler.