Turkmenportal logo
26.05.22
85298529
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Dünýäde iň gysga boýly ýetginjek hasaba alyndy
Dünýäde iň gysga boýly ýetginjek hasaba alyndySurat: ndtv.com

Nepally 18 ýaşly Dor Bahadur Kapagi dünýäde iň kelte boýly ýetginjek hökmünde Ginnesiň rekordlar kitabynda hasaba alyndy. Bu barada Daily Mail neşiri habar berdi diýip, Rambler.ru ýazýar.


Kapaginiň boýy bary-ýogy 73 santimetrdir. Ýetginjek Nepalyň paýtagtyna eminler toparynyň we hökümetiň bu ugurdaky güwänamasyny almak üçin geldi, dabaradan soňra ony surata düşürdiler.


Habar beriş serişdeleri Kapaginiň iň gysga boýly ýeke-täk adam däldigini ýazýarlar, häzirki wagtda bu derejäniň eýesi Kolumbiýadan Edward Ernandesdir, onuň boýy 68 santimetre deň. Ernandes bu ugurda 2010-njy ýylda Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi.