Turkmenportal logo
20.05.22
3435534355
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistan bilen Eýran Sarahs terminaly arkaly söwda hyzmatdaşlygyny gaýtadan dikelder

2022-nji ýylyň 1-nji iýunyndan Türkmenistan Sarahs serhet terminalynyň üsti bilen Eýran Yslam Respublikasyna özara söwda hyzmatdaşlygyny gaýtadan dikelder.


Şunuň bilen baglylykda, «Türkmenulaggözegçilik» döwlet kärhanasynyň resmi saýtynda «Türkmenistanyň halkara ulag-üstaşyr mümkinçiliklerini doly kuwwatlylygyna ulanmak, halkara gatnawlarynda ýük dolanyşygynyň möçberlerini artdyrmak maksady bilen, bildirilýän talaplary berjaý etmek şerti bilen, 2022-nji ýylyň 1-nji iýunyndan daşary ýurt awtoulag serişdeleriniň sürüjileri bilen bilelikde Sarahs-Farap-Sarahs ugurlary boýunça ýurdumyzyň çäginden üstaşyr geçmekleri ýola goýulýar» – diýlip, habar berilýär.


Belläp geçsek, Sarahs serhet terminaly Türkmenistanyň serhedine ýayn bolan, Eýranyň Demirgazyk-Gündogaryndaky Horasan-Razawi welaýatynda ýerleşýär.


Mundan öň hem Türkmenistanyň we Eýranyň Prezidentleriniň ulag ulgamy, ylym we bilim, medeniýet we sungat ugurlarynda özara bähbitli hyzmatdaşlygy artdyrmak barada ylalaşandyklaryny habar beripdik.