Turkmenportal logo
18.05.22
23382338
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Aşgabadyň kubogynyň 6-njy tapgyrynda «Aşgabat» bilen «Köpetdag» ornuny çalyşdy

Aşgabadyň Kubogy ugrundaky ýaryşyň jemleýji, altynjy tapgyrynyň duşuşyklary geçirilip, onuň netijesinde final duşuşygynda güýç synanyşjak toparlar belli boldy. Bu abraýa “Altyn Asyr” hem-de “Aşgabat” toparlary mynasyp boldular. Bu barada TFF-niň resmi saýty habar berdi.


Altynjy tapgyryň çäginde geçirilen duşuşykda “Altyn Asyr” “Köpetdagy” 1:0 hasabynda ýeňlişe sezewar etse, “Aşgabat” “Ahal” toparynyň ýaşlar düzüminden 3:0 hasabynda üstün çykdy.


Kubok ýaryşynda üçünji orun ugrunda geçiriljek duşuşykda “Köpetdag” bilen “Ahal II” toparlary duşuşarlar. Duşuşyklaryň ikisi hem 18-nji maýda geçiriler.


6-njy tapgyryň duşuşyklarynyň netijeleri:
“Aşgabat” – “Ahal II” – 3:0
Gollar: 34 Merdan Gurbanow (11 m.j.u.), 38 Merdan Muhadow, 57 Şatlyk Gurbanow (“Aşgabat”)


“Altyn Asyr” – “Köpetdag” – 1:0
Gol: 76 Güýçmyrat Annagulyýew (“Altyn Asyr”)