Turkmenportal logo
17.05.22
64926492
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistanyň Prezidenti Norwegiýanyň Patyşasyny ýurduň Konstitusiýa güni bilen gutlady

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Norwegiýanyň Patyşasy Harald V hem-de ýurduň ähli halkyna Norwegiýanyň milli baýramy – Konstitusiýa güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi. Bu barada «Türkmenistan» gazetinde habar berildi.


Gutlag hatynda döwlet Baştutany şu mümkinçilikden peýdalanyp, Patyşa Harald V tüýs ýürekden berk jan saglyk, dostlukly ýurduň halkyna bolsa parahatçylyk, ösüş we abadançylyk arzuw etdi.