Turkmenportal logo
25.04.22
70817081
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Dünýäniň iň uzak ýaşly zenany aradan çykdy

Ýaponiýanyň iň uzak ýaşly zenany, bäş imperatoryň hökümdarlygyna şaýat bolan, iki jahan urşundan aman galan Kane Tanaka 119 ýaşynda aradan çykdy. Mir24-iň habar bermegine görä, Tanaka soňky ýyllarda Ýaponiýanyň Fukuoka prefekturasyndaky garrylar öýünde ýaşady. Onuň mineral gazlandyrylan içgileri we şokolady gowy görýändigi barada habarda bellenilýär.


Kane Tanake 2019-njy ýylda dünýäniň iň uzak ýaşly adam we dünýädäki iň uly ýaşly zenan diýlip ykrar edilip Ginnesiň rekordlar kitabyna girmegi başardy.


Mundan başga-da Kane Tanaka Ýaponiýanyň özünde hem ömür dowamlylygy boýunça rekord goýmagy başardy.


Belläp geçsek, Kane Tanaka şu ýylyň 2-nji ýanwarynda 119 ýaşyny belledi.