Turkmenportal logo
25.04.22
2532025320
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Aşgabatdaky kinoteatrlar we kinokonsert merkezleri işläp başlar

Aşgabat şäherindäki kinoteatrlar we kinokonsert merkezleri 2022-nji ýylyň 1-nji maýyndan başlap gaýtadan işläp başlar. «Türkmenistan» we «Watan» kinokonsert merkezleriniň şeýle-de «Aşgabat» kinoteatrynyň administrasiýalarynyň «Turkmenportal» web saýtymyza beren maglumatyna görä, raýatlar üçin bu ýerlerde ozalky tertipde bellenilen wagtda türkmen hem-de daşary ýurt dünýä belli filmler, körpe ýaşly çagalar üçin bolsa multfilmler görkeziler.


Kinoteatra we kinokonsert merkezlerine gelýän raýatlar arassaçylyk kadalaryny berjaý edip, agyz-burun örtüklerini bellenilen talaplara görä dakynmalydyrlar.