Turkmenportal logo
24.04.22
1101911019
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Mongoliýada geçirilen göreş boýunça Aziýanyň çempionaty tamamlandy

Çempionatda ýapon türgenleri şowly çykyş edip, on altyn, iki kümüş we dokuz bürünç medal gazandylar hem-de medal sanawynda birinji ýeri eýelediler. Bu barada «United World Wrestling» habar berýär.


Erkin we grek-rim göreşi boýunça Aziýa çempionaty 19 ― 24-nji aprel aralygynda geçirildi.


Çempionatyň erkin göreş boýunça ýaryşlarynda 10 agram derejesinde 100-den gowrak pälwan çykyş etdi.


Aziýa çempionatyna erkin göreş boýunça Türkmenistanyň milli ýygyndysyndan 8 türgen gatnaşdy.