Turkmenportal logo
16.04.22
84508450
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Ruslan Mingazow «Kitçi» ― «Çiangraý Ýunaýted» duşuşygynyň iň gowy futbolçysy boldy

30 ýaşly türkmenistanly ýarym goragçy Ruslan Mingazow AFK-nyň Çempionlar ligasynyň 1-nji tapgyrynda geçirilen «Kitçi» ― «Çiangraý Ýunaýted» duşuşygynyň iň gowy oýunçysy boldy. Bu barada «Kitçiniň» resmi web-saýty habar berýär.


Düzüminde türkmenistanly ýarym goragçy hem bolan Gonkongyň «Kitçi» futbol topary ýaryşyň «J» toparçasynda Taýlandyň «Çiangraý Ýunaýtedini» Ruslan Mingazowyň goly bilen 1:0 hasabynda ýeňdi. Ol ýarym goragdaky okgunly oýny bilen hem toparynyň ýeňşine uly goşant goşdy.


«Kitçi» ýaryşyň indiki tapgyrynda Ýaponiýanyň «Wissel Kobe» topary bilen geçirer. Bu duşuşyk 19-njy aprelde bolar.