Turkmenportal logo
08.04.22
93149314
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Serdar Berdimuhamedow wise-premýer Ş.Abdrahmanowa soňky gezek berk käýinç yglan etdi
Serdar Berdimuhamedow wise-premýer Ş.Abdrahmanowa soňky gezek berk käýinç yglan etdi

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisini geçirdi. Mejlisiň barşynda käbir guramaçylyk meselelerine hem garaldy. «Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, Türkmenistanyň Prezidentiniň gol çeken resminamasyna laýyklykda, wezipe borçlaryny talabalaýyk ýerine ýetirmän, işde goýberen kemçilikleri üçin, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Şahym Abdrahmanowa berk käýinç yglan edildi hem-de ýol berlen kemçilikleri gysga wagtyň içinde düzetmek oňa soňky gezek duýduryldy.