Turkmenportal logo
07.04.22
70117011
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
«Futbol» teleýaýlymy AFK-nyň Çempionlar ligasyndaky «Ahal» ― «Şabab Al-Ahli» duşuşygyny göni ýaýlymda alyp görkezer

AFK Çempionlar ligasynyň "Ahal" (Türkmenistan) we "Şabab Al-Ahli" (BAE) toparlarynyň arasyndaky oýny Täjigistanyň "Futbol" teleýaýlymy tarapyndan göni ýaýlymda görkeziler. Bu barada kompaniýanyň resmi web sahypasy habar berýär.


Aşgabatda IPTV-e eýe bolan köp sanly futbol janköýerleri oýna "Futbol" kanalynda (No. 93) göni ýaýlymda tomaşa edip bilerler.


AFK Çempionlar ligasynyň toparçasynyň birinji tapgyrynyň duşuşygy 8-nji aprele geçilen gije, Aşgabat wagty bilen 01:15-de Jiddanyň (Saud Arabystany) "Şa Abdullah Sports Sity" stadionynda geçiriler.


"Ahal" we "Şabab Al-Ahli" AFK Çempionlar ligasynda taryhda ilkinji gezek duşuşarlar.