Turkmenportal logo
06.04.22
4768547685
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Aşgabatda köpsanly ýol hereket düzgünleriniň bozulmagy ýüze çykaryldy

2022-nji ýylyň 2-nji aprelinde sürüjiler tarapyndan ýol hereketiniň düzgünlerini gödek bozmak bilen baglanyşykly wakalar Aşgabat şäheriniň G.Kulyýew, Andalyp köçelerinde we Gurbansoltan eje şaýolunda ýüze çykaryldy. Bu barada Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň şu günki geçirilen giňişleýin mejlisinde Baş prokuror Batyr Atdaýew hasabat berdi.


Baş prokuroryň maglumatyna görä, geçirilen barlag işleriniň dowamynda käbir sürüjileriň ýol hereketiniň kadalaryny bozup, sagatda 60 kilometr tizlikde sürmäge rugsat edilen ýerlerde bu düzgüni gödek bozanlaryň 32-si ýüze çykaryldy.


Ýol hereketiniň düzgünini bozan sürüjileri birnäçesi «Watan» habarlar gepleşiginde görkezildi. Häzirki wagtda düzgün bozujylar degişli jogapkärçilige çekildi.