Turkmenportal logo
29.03.22
40664066
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Gananyň ýygyndysy futbol boýunça dünýä çempionatyna gatnaşmaga hukuk gazandy

Gananyň futbol boýunça milli ýygyndysy dünýä çempionatynyň saýlama duşuşygynda Nigeriýanyň ýygyndysy bilen deňme-deň oýnap, Katar ― 2022-ä gatnaşmaga hukuk gazandy. Duşuşyk 1:1 hasabyndaky deňlik bilen tamamlandy.


Ganadaky ilkinji duşuşykda hasap açylmandy. Şeýlelikde, Gananyň ikinji duşuşykda myhmançylykda geçiren goly ýygynda dünýä çempionatyna gatnaşmak hukugyny berdi.


Gananyň ýygyndysy dünýä çempionatyna ilkinji gezek 2006-njy ýylda gatnaşdy. Olar şondan soň hem ýaryşyň final tapgyryna iki gezek çykyp bildiler. Gana Afrika yklymynda mundiala bassyr iki gezek gatnaşyp bilen ilkinji ýygyndydyr (2006 we 2010-njy ýyllar). Şol bir wagtda-da Gana Kamerundan we Senegaldan soň dünýä çempionatynyň çärýek finalyna baryp bilen Afrikanyň üçünji döwletidir.