Turkmenportal logo
16.03.22
1167511675
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Eýfel diňi 330 metre ýetdi

Eýfel diňiniň resmi twitter sahypasynda berilýän maglumata görä, Parižiň esasy nyşanlarynyň biri bolan Eýfel diňiniň beýikligi 330 metre ýetirildi. Munuň sebäbi bolsa onuň üstünde beýikligi 6 metr, agramy bolsa 350 kilogram bolan radio antenna oturdyldy.


Täze antennany oturtmak üçin döwlet gaznasyndan 1 million ýewro sarp edildi. Täze enjam radio üçin signal geçirişini gowulandyrar we bar bolan iberijileriň üstüni ýetirer. Mundan başga-da, radio antennasy Fransiýanyň 12 million ilaty üçin 30-a golaý teleýaýlymyny we 32 radio ýaýlymyny ýaýlyma bermäge ýardam eder.


Belläp geçsek, Eýfel diňiniň ady onuň gurluşygynyň inženeri Gustawe Eifeliň hormatyna dakyldy. Bu diňiň gurluşygy 1887-nji ýyldan başlap, 1889-njy ýyla çenli dowam etdi.