Turkmenportal logo
14.03.22
1113711137
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Katar ― 2022 üçin bijeleriň çekiljek güni belli boldy

1-nji aprelde, Kataryň paýtagty Dohada Dünýä çempionaty ― 2022-niň jemleýji bijeleri çekiler. Bu barada AFK-nyň resmi saýty habar berdi.


Bije çekişlik dabarasyna 2000-den gowrak hormatly myhmanlar gatnaşar. Dabara Dohanyň sergiler we konferensiýa merkezinde bolar.


21-nji noýabrda «Al-Baýt» stadionynda dünýä çempionatynyň açylyş dabarasy bolar. Final oýny 18-nji dekabrda 80 müň adamlyk «Lusail» stadionynda geçiriler.


Häzirki wagtda oýunlaryň biletleri ýokary guramaçylyk derejesinde satylýar. Guramaçylar janköýerlerden biletler üçin 17 million sargyt alandyklaryny habar berýärler.