Turkmenportal logo
10.03.22
3694636946
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Aşgabatdan Moskwa guralan ýörite uçuş «Türkmenistan» awiakompaniýasy tarapyndan amala aşyryldy

2022-nji ýylyň 9-njy martynda Russiýa Federasiýasynyň Türkmenistandaky ilçihanasy Aşgabatdan Moskwa ýörite uçuşy amala aşyrdy. Bu barada ilçihananyň metbugat gullugynda habar berildi.


«Türkmenhowaýollary» agentliginiň Boeing-757 kysymly uçarynyň amala aşyran howa gatnawy bilen Aşgabatdan 159 ýolagçy Moskwa uçdy.


Moskwadan yzyna Aşgabada gaýdan uçar gatnawyna Türkmenistanda 12-nji martda geçiriljek Prezident saýlawlaryna synçylyk etjek halkara synçylaryň bir topary hem goşulyp Aşgabada geldi.


Türkmenistan bilen Russiýanyň arasyndaky yzygiderli howa gatnawlarynyň dünýäde ýüze çykan pandemiýa sebäpli 2020-nji ýylyň mart aýyndan togtadylandygyny hem bellemek gerek.