Turkmenportal logo
04.03.2022
58445844
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Gazagystan Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlary üçin synçylary tassyklady

Gazagystanyň Merkezi saýlaw toparynyň metbugat gullugy toparyň karary bilen Türkmenistanda geçiriljek Prezident saýlawlaryna synçylaryň tassyklanandygyny habar berdi.


Çeşmäniň belleýşi ýaly, «Gazagystan Respublikasynyň dört wekili GDA we ŞHG-nyň synçy toparlarynyň düzüminde Türkmenistanda geçiriljek saýlawlara gözegçilik eder».


Biz GDA-nyň synçylarynyň türkmen paýtagtyna gelen wekiliýetiniň Aşgabatdaky saýlaw uçastoklaryna baryp görendiklerini habar beripdik.


Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlary 12-nji martda geçiriler.