Wise-premýer Ç.Purçekow şu gün geçirilen iş maslahatynda döwlet Baştutanyna Täjigistan Respublikasy bilen ýokary derejede gazanylan ylalaşygyň çäklerinde degişli ministrligiň garamagyndaky “Nebitmaş” döwlet kärhanasynda öndürilýän önümleriň çig maly hökmünde ulanylýan sozulan we guýma alýumin taýýarlamalaryny satyn almak üçin Täjigistan Respublikasynyň Senagat we täze tehnologiýalar ministrliginden 10 müň tonna alýumin satyn almak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.
Bu barada şu gün "Watan" habarlar gepleşiginde aýdyldy.
Alýuminiý ýurdumyzyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň öňünde durýan wezipelere laýyklykda, alnyp barylýan gurluşyklary we ykdysadyýetimiziň beýleki pudaklarynyň önümçilik zerurlyklaryny hem-de ilatymyzy ýokary hilli senagat önümleri, edara-kärhanalaryň önümçiligine gerek bolan çig mal serişdeleri bilen üpjün etmek maksady bilen satyn alnar.
Milletiň Lideri hasabaty diňläp, häzirki döwürde Türkmenistan bilen Täjigistan Respublikasynyň arasynda ýola goýlan dostlukly hyzmatdaşlygyň hil taýdan täze derejä çykandygyny kanagatlanma bilen belledi.

